Sepleriň elýeterliligi

Gitleriň “Meniň göreşim” atly kitabyny çap etmek planlaşdyrylýar


Ikinji jahan urşy tamamlanaly bäri Germaniýada ilkinji gerek Adolf Gitleriň “Meniň göreşim” atly kitabyny Mýunhendäki Häzirki zaman taryhy instituty 2015-nji ýylda neşir etmegi planlaşdyrýar.

“Nasistik Germaniýanyň baştutanynyň esasy kitabyny awtoryň ölümine 70 dolandan soň neşir etmek mümkin boldy, çünki şol wagt onuň awtorlyk hukugynyň wagty tamamlanýar” -diýip, institutyň wekili aýtdy.

Taryhçylar kitabyň tekstini kommentariýalar bilen üpjün etmekçi.

Emma golýazmanyň häzir saklanýan ýeri bolan Bawariýanyň maliýe ministrligi neşir etmek planlaryna garşy çykmagy mümkin.

Ikinji jahan urşundan soň “Meniň göreşim” atly kitaby Germaniýada ýaýratmak resmi taýdan gadagan edilipdi.
XS
SM
MD
LG