Sepleriň elýeterliligi

Auksionda öňde-soňda iň gymmat zat satyldy


Alberto Jakomettiniň “Ýöräp barýan adam” atly bürünçden ýasan heýkeli öňde-soňda auksionda satylan iň gymmat zat bolupdyr.

Londonyň Sotheby's auksionynda meşhur şweýsar heýkeltaraşynyň 1961-nji ýylda ýasan bu heýkeline 65 million gowrak britan funty berlipdir.

2004-nji ýylda Nýu-Ýorkda Pablo Pikassonyň bir kartinasy 104 million dollara satylypdy. Soňky satylan heýkeliň bahasy biraz ondan ýokary.

Auksiony gurnaýjylar “Ýöräp barýan adama” 12 bilen 18 million funt aralygynda baha teklip ediler diýip çaklasalar-da, söwda gaty aktiw geçipdir.
XS
SM
MD
LG