Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň resmi delegasiýasy Aşgabada bardy


Häzir ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilçilikli delegasiýasy Türkmenistanda diýip, Türkmenistanyň döwlet metbugaty habar berýär.

Delegasiýa azatlygy goldamak baradaky kanun meseleleri boýunça edaranyň direktory Mariýa Lonji baştutanlyk edýär.

Çarşenbe güni delegasiýa Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi, bu ýerde myhmanlar milli parlamentiň gurluşy hem kanun çykaryş ugurlary bilen tanyşdyryldy, ençeme aktual meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň perspektiwalary maslahatlaşyldy.
XS
SM
MD
LG