Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran atom agentliginiň teklibini resmi taýdan kabul etmeklige çagyrylýar


ABŞ we onuň ýaranlary Eýrany Halkara atom agentliginiň geçen ýylyň oktýabr aýynda urany daşary ýurtlarda baýlaşdyrmak babatda eden teklibini resmi taýdan kabul etmäge çagyrýar.

3-nji fewralda Eýranyň prezidenti Ahmedinejat çykyş edip, pes derejede baýlaşdyrylan urany daşary ýurtlara ýollap, ony 20 prosent töweregi baýlaşdyrmak meselesiniň Eýran üçin kynçylyk döretmeýändigini nygtady.

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň resmileri Tährany bu ugurda resmi beýanat bilen BMG-niň Halkara atom agentligine ýüzlenmäge çagyrdylar.

Fransiýa bolsa, Eýrana garşy goşmaça has berk sanksiýalary kabul etmegi talap edýar.

Hytaýyň daşary işler ministri Ýaň Jiýeçi goşmaça sanksiýalar baradaky meseläniň gozgalmagy Eýran bilen bu meseläni diplomatiki ýol bilen çözmeklige päsgel berip biler diýip, şu gün bu barada eden çykyşynda nygtady.
XS
SM
MD
LG