Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rak keseline garşy göreşiň Halkara güni bellenilýär


Şu gün rak keseline garşy göreşiň Halkara güni bellenilýär.

Şu ýyl bu gün bilen bagly çäreler “Rak keseliniň hem öňüni alyp bolýar” diýen şygar astynda geçirilýär.

Rak keseline garşy göreş boýunça Halkara birleşiginiň prezidenti Dawid Hill şu gün Bütindünýä Saglyk Guramasynyň internet sahypasyna goýlan reportažda, köp adamda rak keseli anyklananda özlerine ölüm jezasy berlen ýaly duýýarlar, emma biz rak keseliniň öňüni alyp, onuň emele gelmeginden saklanyp bolýandygyna düşünmelidiris diýip, çykyş etdi.

Şeýle hem doktor Hill rak keseliniň 40%-e golaýynyň öňüni alyp bolýandygyny belleýar.

BSG-nyň berýän maglumatlarynda her ýyl 12 milliondan gowrak adamda rak keseliniň dürli görnüşleriniň anyklanýandygy aýdylýar.

Kesellänleriň takmynan 7,5 milliony bu kesel zerarly heläk bolýar.
XS
SM
MD
LG