Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan gidro-elektro stansiýanyň gurluşygy boýunça komissiýa döredýär


Täjigistanda žurnalistlerden, hökümete degişli däl guramalaryň agzalaryndan we beýleki hökümete garaşly bolmadyk edaralaryň agzalaryndan ybarat Rogun gidro-elektro stansiýanyň gurluşygyna gözegçilik edýän jemgyýetçilik komissiýasy döredilýär.

Bu barada Täjigistanyň prezidenti Imomoli Rahmon görkezme berdi diýlip, habar berilýär.

Bu komissiýa her on günde bir gezek gurluşygyň gidişi barada hasabat bermeli.

Häzirlikçe, bu gidro-elektro stansiýanyň gurluşygy üçin 155 million dollara golaý serişde ýygnaldy. Bu serişdeleri ýygnamak üçin her işleýän täjik raýaty özüne degişli paýy, ýagny aksiýany satyn almaly.

Serişdeleriň ilatdan ýygnalýandygy sebäpli hem şeýle jemgyýetçilik komissiýasynyň döredilendigi habar berilýär.

Täjigistanyň häkimiýetleri sowet häkimiýeti ýyllarynda düýbi tutulan bu gidro-elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ýurduň ilatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG