Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň delegasiýasy Aşgabada sapar edýär


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi delegasiýasy Türkmenistana sapar edýär.

Bu delegasiýa Azatlygy goramak baradaky kanun meseleleri boýunça bölümiň direktory Mariýa Londjiniň ýolbaşçylyk edýändigi habar berilýär.

Türkmenistandaky amerikan ilçihanasynyň wekili William Stiwens Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, bu delegasiýanyň bilim, saglygy saklaýyş we iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk edilýän beýleki pudaklar boýunça gepleşik geçirýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG