Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň delegasiýasy Aşgabatda duşuşyklar geçirýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň delegasiýasynyň Aşgabada baranlygy barada peýda bolan habarda “Azatlygy goldamak boýunça kanunlar” bölüminiň müdiri Maria Lonjyň resmi delegasiýa ýolbaşçylyk edýänligi aýdylýar.

Amerikanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili William Stiwens Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda, Döwlet departamentiniň we beýleki edaralaryň wekillerinden ybarat bu delegasiýa Amerika bilen Türkmenistanyň özara gatnaşygy, şol sanda saglyk, bilim we türkmen hökümeti bilen bilelikde iş alnyp barylýan beýleki ugurlar hakda pikir alyşmak üçin Aşgabada geldi diýip, habar berdi.

Ady agzalýan delegasiýa azatlyk bilen bagly bölümiň başlygynyň ýolbaşçylyk etmegi bu duşuşyklaryň dowamynda adam hukuklary meselesi hem gozgalar diýlen pikiri oýarýar.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekili William Stiwensiň aýtmagyna görä, amerikan delegasiýasy Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň käbirlerinde, şol sanda Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça institutda duşuşyklar geçirdiler.

Diplomat Stiwensde bar bolan maglumatlara görä, şol duşuşyklarda adam hukuklary hakda haýsydyr anyk mesele gozgalmandyr. “Olaryň özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklik, biziň Türkmenistanda alyp barýan programmalarymyz, şeýlede Aşgabadyň gyzyklanýan proýektleri hakda pikir alşylanlygyny bilýärin”.

Bilim barada gürrüň edildi

Jenap Stiwens ady agzalýan hökümet wekilleriniň bilim barada gürrüň edenligini aýtdy. Bu pudak bilen bagly gürrüň edilende, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan dolandyrylýan alyş-çalyş programmasynyň çäklerinde ýakynda studentlere Bolgariýa gitmäge rugsat edilenligini hem ýatladyp bolar.

Mälim bolşuna görä, şol studentlere Bişkekde ýerleşýän Amerikan uniwersitetinde öz ýokary okuwlaryny dowam etdirmäge rugsat edilmänsoň, olar Bolgariýada ýerleşýän Amerikan uniwersitetine ugradylmaly edilipdi.

Emma şol studentleriň soňra Bolgariýa-da gitmegine rugsat edilmezligi günbatar ýurtlaryň wekilleriniň käbiriniň lapyny keç edipdi. Ady agzalýan amerikan delegasiýasynyň Aşgabada barmagynyň öň ýanynda şol studentlere ýurdy terk etmäge rugsat edilmegi, käbir synçylaryň aýtmagyna görä, möhüm bir wakadyr.

Bu wakanyň amerikan wekilleriniň Aşgabada edýän sapary bilen ilteşiginiň bolup-bolmanlygyny aýtmak kyn, ýöne muňa garamazdan, bu delegasiýanyň Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky “Demokiratiýa we Adam hukuklary boýunça institutynyň” wekilleri bilen duşuşmagy-da, synçylaryň sözüne görä, üns bermäge mynasyp bir wakadyr.

Ýurtdaky adam hukuklary

Türkmenistan adam hukuklary boýunça dünýäde tankyt edilip gelinýän ýurtlardan biri. Düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Heritage Foundation” guramasynyň “Ykdyasady erkinlik” barada ýakynda çap edilen raportynda hem Türkmenistan iň soňky 10 ýurduň hataryna girizilipdir.

Adam hukuklary barada gürrüň edilende, Türkmenistan esasanam jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary döretmek we oňa agza bolmak, şeýle-de söz we metbugat azatlygy meselesinde tankyt edilýär.

Adam hukuklary we syýasy azatlyklar barada o diýen ösüşiň bolmazlygyna garamazdan, käbir synçylar soňky döwürlerde Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen az-kem gatnaşygyny artdyryp başlanlygyny aýdýarlar.

“Heritaj Foundation” guramasynyň wekili Terry Milleriň sözi bilen aýdylanda, bu hem belli bir derejede ýurdy halkara jemgyýetçiligi bilen integrirleşdirmek boýunça islegiň bardygyny aňladýar. Emma bu ugurda mundan beýläk nähili ädimler ädiler, muny wagt görkezer.
XS
SM
MD
LG