Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Timoşenko saýlaw kanunyna düzedişe garşy


Ukrainanyň parlamenti 3-nji fewralda ýurduň saýlaw kanunyna düzediş girizdi. Şol esasda kandidatlaryň wekilleriniň sesleriň sanalýan mahaly saýlaw merkezlerine baryp, bu işe gatnaşmak mümkinçiligi ýok edilýär.

Bu baradaky teklip prezidentlige tamakin, Regionlar partiýasynyň lideri Wiktor Ýanukowiç tarapyndandan saýlawlara birnäçe gün galanda hödürlendi parlamente hödürlenildi. 7-nji fewraldaky saýlawlarda Ýanukowiç premýer-ministr Ýuliýa Timoşenko bilen bäsleşýär.

Ozalky kanuna görä her bir kandidat saýlawlara gözegçilik etmek üçin her bir saýlaw bölümine sekiz sany wekilini iberip bilýärdi. Saýlaw merkezinde sesleriň sanalmagy üçin iberiljek wekilleriň 2/3 böleginiň tassyklanmagy zerur.

Girizilen düzedişde bolsa şeýle synçylaryň zerurlygy aradan aýrylýar, başgaça aýdylanda sesler az sanly synçylar tarapyndan tassyklanylyp bilner.

Prezidenlige dalaşgär Ýuliýa Timoşenko bolsa bu karara beýle düzediş erkin saýlawlary ölüme höküm etmek bilen deňdir diýip, baha berdi. Ol bu karar Ukrainanyň gündogar regionlarynda täsiri köp bolan opponente galplyk etmäge ýol berip biler diýip, güman edýär.

“Adamlary aýaga galdyrarys”

4-nji fewraldaky metbugat konferensiýasynda Timoşenko saýlawlaryň netijesinde galplyga ýol berlen ýagdaýynda köpçülikleýin köçe protestlerine çykyljagy bilen haýbat aýtdy: «Eger-de biz tehniki hem-de guramaçylyk taýdan halkyň adalatly garaýşyny hem-de saýlawlaryň dogry netijesini kepillendirip bilmesek, onda adamlary aýaga galdyrarys, bu barada mende şübhe ýok».

Timoşenko saýlaw kanunyna girizljek bolunýan düzediş boýunça maslahat etmäge G8-leriň ilçilerini çagyrandygyny mälim etdi.

Timoşenkonyň bu baradaky aladasyny aradan aýyrmak üçin “Regionlar partiýasy” “taryhy” diýip atlandyran beýannamasyny ýaýratdy. Ozalky düzgüne görä, Timoşenko ýurduň gündogar sebitlerinde öz peýdasyna sesleri sanaýan wekilleriň gatnaşmagynyň öňüni alyp bilerdi» diýip şol beýannamada agzalýar.

17-nji ýanwarda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyryna üç müňden gowrak halkara synçylary gatnaşypdy, şonda olar saýlawlaryň demokratik görnüşde geçirilendigini belläp, Kiýewi saýlaw kanunlaryny üýtgetmezlige çagyrdylar.

Saýlaw baradaky kanuna girizilen üýtgetmäniň güýje girmegi üçin ony ýurduň häzirki prezidenti Wiktor Ýuşenko makullamaly. Şol sebäpden Timoşenko öz “Mämişi rewolýusiýa” döwründäki ýarany Ýuşenkony bu düzedişiň öňüni almaga çagyrdy.

Yöne soňky döwürde Ýuşenko bilen Timoşenkonyň gatnaşyklary dartgynlaşdy, belki şonuň üçindir Ýanukowiç öz partiýasynyň teklip eden düzedişini prezidentiň goldajagyna ynanýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG