Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň Kerbela şäherinde partlama boldy


Yragyň Kerbela şäherinde iki maşynyň partlamagy netijesinde azyndan 20 adamyň heläk bolandygy aýdylýar, ýene onlarça adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Bu hüjümler şaýy musulmanlaryň geçirýän dini merasymynyň soňky iň möhüm güni bolup geçdi.

Ymam Huseýiniň ölüminiň 40-njy güni adatça köp şaýy musulmanlary Kerbela şäherine zyýarat edýärler.

Bu sene mynasybetli Yrak häkimiýetleri 30 müň esgerden ybarat goşuny köçelere çykaryp, howpsyzlygy üpjün etmäge synanşdy. Emma muňa garamazdan, hüjümçilere iki maşyny partlatmak başartdy diýlip, maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG