Sepleriň elýeterliligi

Päkistanda terrorçulykly hüjüm amala aşyryldy


Şu gün Päkistanyň Karaçi şäherinde terrorçulykly hüjüm amala aşyryldy. Bu ýerde bomba partlamagy netijesinde azyndan 11 adamyň heläk bolup, 40-a golaýynyň ýaralanandygy aýdylýar.

Heläk bolanlaryň arasynda aýallaryň hem çagalaryň köpdügi habar berilýär.

Polisiýanyň beren maglumatlaryna görä, zyýarata barýan ýolagçylary daşaýan awtobusyň golaýynda motosiklete berkidilen bombanyň partlandygy aýdylýar.

Birnäçe sagatdan soň bu wakada yaralanan adamlaryň ýerleşdirilen keselhanasynyň gapdalynda ýene bir bomba partlap, azyndan 10 adamyň ölümine sebäp boldy.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Päkistan häkimiýetleri ýurduň demirgazygynda gozgalaňçylara garşy giň göwrümli harby hereketleri geçirip başlaly bäri bu ýurtda zorlugyň artandygyny synçylar aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG