Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada saýlaw kompaniýasynyň soňky güni


Şu gün Ukrainada prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň öňüsyrasynda geçirilýän saýlaw kompaniýasynyň soňky güni.

7-nji fewralda geçiriljek saýlawlarda ilat öz seslerini ýa Ýuliýa Timoşenko, ýa-da Wiktor Ýanukowiçe berer.

Şu gün saýlawlara gatnaşýan kandidatlaryň ikisiniň hem tarapdarlary Kiýewde ýöriş geçirer diýlip garaşylýar.

Düýn Ýuliýa Timoşenko saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Ýanukowiç galplamalara ýol berse, 2004-nji ýylda mämişi rewolýusiýada bolşy ýaly, öz tarapdarlaryny köçä çykarjakdygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG