Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda NATO-nyň näresmi duşuşygy geçirilýär


ABŞ NATO agza ýurtlary Owganystandaky esgerlere tälim berip biljek has köp adamy ibermäge çagyrýar.

Bu barada Stambulda geçirilýän näresmi duşuşygyň ikinji gününde ABŞ-nyň Goranmak ministri Robert Geýtes öz ýewropaly kärdeşleri bilen duşuşyp, gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Bu maslahatda çykyş eden NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rassmusen üstümizdaki ýylyň Owganystan üçin iň möhüm ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy.

NATO-nyň ýaranlyk güýçleri 2011-nji ýylda Owganystandan çykarylyp başlansa, onda owgan goşunyny türgenleşdirmek meselesine gaty köp üns berilmelidigi barada bu duşuşykda aýdyldy.
XS
SM
MD
LG