Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň energiýa üpjünçiligine 2 milliard ýewrodan gowrak pul goýberiler


Türkmenistanyň paýtagtynyň energiýa üpjünçiligine 2 milliard 200 müň ýewrodan gowrak serişde sarp ediler diýen maglumat Türkmenistanyň resmi habar çeşmelerinde peýda boldy.

Bu baradaky proýekt bilen Türkmenistanyň prezidenti düýn Aşgabada iş sapary bilen aýlananda tanyşdy diýlip, maglumat berilýär.

Bu proýektiň belgiýaly “Enex Process Engineering S.A.” kompaniýasynyň hem-de fransiýaly “Şneýder Elektrik” konsortiumynyň spesialistleri tarapyndan taýýarlanýandygy habar berilýär.

Ony durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyga Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrligi bilen şu kompaniýalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň barşynda gol çekildi.

Bahasy 2 milliard 248 million ýewro barabar bolan bu proýekt 2020-nji ýyla çenli 3 tapgyra bölünip amala aşyrylar.
XS
SM
MD
LG