Sepleriň elýeterliligi

Ekspert: "Basgy bilen neşekeşi neşeden saplap bolmaz"


Neşekeşlige näme sebäp bolýar, onuň öňüni almak üçin nähili bejeriş usullary ulanylýar? Türkiýeli lukmanlar we psihologlar türkmenistanly kärdeşlerine nähili ýardam berip biler? Bular barada Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň psiholog eksperti Dr.Jahid Tekýardamjy bilen Azatyk Radiosyndan Akmyrat Gürgenli söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Neşe belasyndan gutarmak üçin neşekeşe başda nähili bejergiler berilýär?

Dr. Tekýardamjy: Neşe maddalary dürli bolansoň, bejeriş usullary-da dürli bolýar, her bir neşäniň özüne mahsus aýratynlyklary bar. Neşekeşler bejeriş merkezlerinde birnäçe wagtlap saklanylýar, olaryň gany neşeden arassalanyp, neşäniň adam bedeniniň agzalaryna ýetiren zyýanlary dürli witaminler we dermanlar bilen bejerilýär.

Ýöne heniz bejerişiň esasy usuly öňde durýar, neşe maddasynyň ýeri, ýagny dörän ruhy boşluk başga bir zat bilen doldurylmasa, depressiýa ýüze çykyp biler ýa-da hassa garaşylmadyk hereketleri edip biler. Munuň oňüni almak üçin hem däri-dermanlar hem-de psihiki taýdan bejeriş işleri geçirilýär. Birnäçe wagt däri-derman alandan soňra, hassa öýüne gitmäge rugsat berilýär, psihiki bejerişi almagy dowam etdirmek üçin ol merkeze gatnamaly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Neşekeş gaýtadan bu bela duçar bolmaz ýaly sosial taýdan nähili hyzmatlar edilmeli?

Dr. Tekýardamjy: Adamlar köplenç ýaşlykda neşe bilen tanyşýarlar, bu ýaşda ynsan organyndaky gormonlarda çynlakaý özgerişlikler emele gelýär. Ýaşlar jemgyýetden käbir zatlary talap edip biler, ýogsa-da okuw meselesinde problemalar döräp biler, aşyk bolup, birini söýüp biler, şonuň üçin bu döwür neşe maddalarynyň ulanylmak howpuny ösdürýär diýlip hasaplanylýar.

Neşe söwdasyny edýänler öz awuny hut şu ýaşlardaky adamlaryň arasyndan gözleýärler. Sebäbi bu döwürde ýaşlar akyla däl-de, duýga görä hereket edýärler.

Azatlyk Radiosy: Bu derde uçranlara ilkinji nobatda psihiki taýdan nähili kömek berilýär?

Dr. Tekýardamjy: Derman ulanmak bilen birlikde psihiki bejeriş hem diýseň ähmiýetli, neşekeşi özbaşyna saklamaly däl, gowy bir dost ýa-da tap biler ýanýoldaş onuň bu beladan gutulmagyna kän kömek edip biler. Eger işi ýok bolsa, hassany iş bilen üpjün etmeli, ýene bir möhüm mesele – neşekeşiň maşgalasyny-da bu bela barada ýeterlik maglumat bilen üpjün edip, ruhy taýdan hassa adama nähili kömek bermelidigini öwretmeli.

Azatlyk Radiosy: Polisiýa we güýç ulanmak arkaly neşekeşe bu beladan gutulmaga ýardam edip bolarmy?

Dr. Tekýardamjy: Bu ters netije berer. Polisiýanyň basgysy bilen neşekeşi neşeden saplap bolmaz. Derman usuly peýdaly bolýar, mysal üçin alkogolly içgilere bagly bolanlaryň gany arassalanandan soňra, oňa ýörite bir derman berýärler, şony ulanan adam alkogol içse, ögäp, gaýtaryp erbet ýagdaýa duçar bolýar we soň ol gaýdyp alkogol içmez. Geroin, morfin ýaly neşeler üçin-de şeýle bejeriş usuly bar.

Azatlyk Radiosy: Siz bu ugurdan öz tejribäňizi Türkmenistanly kärdeşleriňiz bilen paýlaşyp bilermisiňiz?

Dr. Tekýardamjy: Biz, Anadoly türkmenleri, türkmenistanly doganlarymyzy neşe belasyndan gutarmak üçin elimizden näme gelse, etmäge taýyn. Ýöne hyzmatdaşlyklar şahsy adamlaryň üsti bilen däl-de, döwlet derejesinde alnyp barylmaly, iň bolmanda, döwlete bagly ýa-da bagly bolmadyk fondlar we guramalar arkaly amala aşyrylmaly. Türkmenistandan lukmanlar, psihologlar Türkiýä gelseler-de, biz olar bilen tejribämizi paýlaşyp bileris.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG