Sepleriň elýeterliligi

Rumyniýada ABŞ-nyň goranyş komponentleri ýerleşdiriler


Eýran özüniň ballistik raketa başarynygyny gowulandyryp ýör.

Eýran özüniň ballistik raketa başarynygyny gowulandyryp ýör.

Prezident Traian Basesku düýn Birleşen Ştatlaryň hüjüm ediji uçarlarynyň öz ýurdunda ýerleşdirilmegine rugsat etmek bilen Rumyniýanyň Amerikanyň raketadan goranyş sistemasynyň täzelenen çärelerine goşulmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Basesku muny, Rumyniýanyň Ýokary goranyş geňeşi bu işi oňlansoň, bildirdi. Muny indi ýurduň parlamenti makullamaly. Onuň hem hökümetiň Günbatar bilen syýasy, ykdysady we harby partnýorlyga şu çaka çenli garşy çykan mahaly ýok.

Basesku bu barada oýlanara wagt köp diýdi: “Terrestrial istrebiteller Birleşen Ştatlaryň raketadan goranyş sistemasynyň bir bölegi hökmünde Rumyniýanyň çäginde ýerleşdiriler. Rumyniýada ýerleşdirilen komponentler amerikan tarapy bilen ylalaşylan kalendara görä, 2015-nji ýylda işe başlar”.

Birleşen Ştatlar raketadan goranyş sistemasynyň öz ýewropa ýaranlaryny Eýranyň mümkin bolan hüjüminden goramak üçündigini aýdýar. Dogrudanam, Eýran özüniň ballistik raketa başarynygyny gowulandyryp ýör.

Ýewropada raketadan goranyş sistemasyny ýerleşdirmek pikiri prezident Jorj Bushuň döwründe döredi. Bu sistemanyň bir bölegi Polşada, bir bölegi hem Çeh Respublikasynda ýerleşdirilmelidi. Ýöne Orsýet muňa öz howpsuzlygyna abanýan hatar hökmünde garşy çykdy. Ak Tamyň bu sistemanyň Eýran tarapdan bolmagy mümkin hüjümiň öňüni almak üçin diýýänini Moskwa kabul etmedi.

Prezident Barak Obama öten sentýabrda muny Eýranyň gysga we orta menzilli raketalaryny atyp urmaga ukyply deňizde ýerleşdirilmeli sistema bilen çalşyrdy.

“Bu Orsýete garşy zat däl”

NATO-nyň agzasy Rumyniýanyň Amerikan sistemasyny öz topragynda ýerleşdirmek niýeti barada Moskwa tarapdan entek görkezilen reaksiýa ýok. Ýöne rumyn prezidenti Basesku Orsýetiň garşysyna gönükdirilen sistemany öz topragynda ýerleşdirmejekdigini aýtdy.

Waşingtonda Döwlet departmentiniň sözçüsi Filip Krowleý sistemanyň ozaldan diňe Eýran tarapdan bolmagy mümkin hüjümlere garşy niýetlenilendigini bildirdi: “Bu edil biziň ozal aýdyşymyz ýaly. Biz özümiziň, öz ýaranlarymyzyň bähbitlerini goramakçy. Aýdyşymyz ýaly, biz bu howpuň abanyp gelýänini görýäris. Täzelenen goranyş sistemasy aslynda regiona Eýrandan abanýan howpa laýyk edilip taýýarlanyldy. Orsýet barada bolsa biz ozal hem hemişe aýdyp geldik. Bu Orsýete garşy zat däl”.

Täzeden gözden geçirilen sistema goşulmaga Polşa-da meýilli. Krowleý tutuş Ýewropany gorar ýaly beýleki ýurtlar bilen birlikde Polşa barada hem oýlanylýanlygyny belledi.

“Biz beýleki ýurtlar bilen-de gepleşikleri geçirip ýörüs. Mysal üçin, Polşa SM3 raketanyň demirgazyk bazasynyň öz topragynda bolmagy barada öten oktýabrda ylalaşdy. Bu barada entek pikir alşylýar” diýip, Krowleý aýtdy.
XS
SM
MD
LG