Sepleriň elýeterliligi

“Howpsuzlyk, ygtybarlylyk we komfort”. Ýaponiýanyň “Toyota” awtomobil konserniniň aksiýalary gaty ýokardady. Häzirem ýokarda, emma “Toyota” awtoulaglarynyň ilki başda gaz pedallarynda, indi bolsa togtadyş sistemasynda problemanyň bardygy ýüze çykanyndan soň ýagdaý üýtgedi.

21-nji ýanwarda “Toyota” ýer ýüzündäki 8 milliona golaý awtoulagy üçin bejerginiň zerurdygyny aýtdy. Bu bolsa, “Toyotanyň” taryhyndaky iň uly yzyna çagyryş çäresi boldy. “Toyotanyň” ABŞ-daky söwdasy 16% peselip, on ýylyň içinde ilkinji gezek 100 müňden aşak düşdi.

“Toyota” awtomobil konserniniň ABŞ-daky wekili Jim Lenziň aýtmagyna görä, bu problema örän seýrek ýagdaýlarda ýüze çykýar. “Emma gaz pedalyny basanyňyzdan soň yza gijräk gaýtsa ýa-da doňup galsa, haýal etmän “Toyota” söwda merkezine ýüz tutuň. Eger beýle zady başdan geçirmeseňiz, onda diňe toyota.com saýtyna girip, haýsy modellerde şeýle problemanyň bardygy barada has giňişleýin maglumat ediniň”.

“Toyotanyň” internet sahypasynda berilýän maglumata görä, bu problema 2004-2010-njy ýyllar aralygynda öndürilen «Avalon», «RAV4», «Camry», «Sequoia», «Corolla», «Tacoma», «Highlander», «Tundra», «Matrix», «Venza», «Prius», AYGO, IQ, «Yaris», «Auris» we «Avensis» modellerinde ýüze çykyp biler.

“Toyota” konserni şu modelleriň eýeleriniň öz ýaşaýan ýerlerindäki “Toyota” dilerine ýüz tutmaklaryny isleýar. Şu problema degişli ähli çykdajylar konserniň hasabyna bolar we zerur bolan şaý ýarym sagatda çalşylar diýip, “Toyota” söz berýär.

Şu habarlardan soň “Toyotanyň” biržadaky bahasy 34 milliard dollar pese gaçdy.

Akio Toyota baş egip ötünç sorady.
“Toyotanyň” 2009-njy ýyl boýunça arassa girdejisi 897 million dollara golaý bolmalydy. Emma soňky alty ýylda satuwa çykarylan awtomobilleriň bazardan yzyna ýygnalyp bejerilmegi konserne 1,12 milliard dollar ýitgi çekdirer.

5-nji fewralda “Toyota” konserniniň başlygy Akio Toyota žurnalistleriň öňünde baş egip, müşderilerinden ötünç sorady we olaryň razyçylygyny gazanmak üçin elinden gelen ähli zady etjekdigini bildirdi.

Gaz pedaly we togtadyş sistemasyndaky problemalar diňe “Toyotanyň” başyny agyrdanok. “Toyotanyň” amerikan bazary üçin öndürýän “Lexus” awtomobilleriniň togtadyş sistemalarynda-da birmeňzeş problemanyň bardygyndan şübhe edilýär. Indi, bu modeller üçin hem derňew işleri ýola goýlar.

“Toyotanyň” Çehiýadaky TPC kärhanasynda maşyn öndürýän «Peugeot-Citroen» konserniniň iki sany modelinde-de bu problemanyň bardygy aýdylýar. Fransuz konserni 100 müňe golaý «Citroen C1» we «Peugeot 107» modellerini bazardan çykaryp bejerjekdigini yglan etdi.

Makalany taýýarlamaga Azatlyk Radiosynyň Azeri gullugyndan Ilkin Mammedow goşant goşdy.
XS
SM
MD
LG