Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň başlygy Ýaranlygyň global howpsuzlyga hyzmat etmegini isleýär


NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen şu gün Hytaý, Hindistan we Pakistan ýaly ýurtlar bilen global howpsuzlyk meseleleri boýunça gatnaşyklary giňeltmäge çagyrdy.

Rasmussen Mýunhende bolan howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş edip, harby ýaranlygyň has giň howpsuzlyk koalisiýasynyň diregine öwrülmelidigini aýtdy. Ol NATO halkara meýdanyndaky beýleki möhüm oýunçylar bilen işjeň hem yzygider gatnaşyk gurmazdan şu günki howpsuzlyk talaplarynyň netijeli ödelip bilmejegini nygtady.
XS
SM
MD
LG