Sepleriň elýeterliligi

Owgan şäheriniň ilaty hüjümden öň başga ýere gaçýar


Günorta Owganystanda bir şäheriň ilatynyň NATO güýçleriniň şol ýerdäki Talybana garşy hüjüm etjegi üçin başga ýere gaçýandygy aýdylýar.

AFP, Frans Press habar gullugy Helmand welaýatyndaky Marja şäherini ýüzlerçe adamyň terk edýändigini habar berýär. Ol ýerde basym amerikan hem owgan esgerleriniň Talyban güýçlerine garşy hüjüme geçmegine garaşylýar.

Synçylar «Bilelikde» diýlip atlandyrylan operasiýanyň Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň Owganystana goşmaça iberen 30 müň esgeri üçin ilkinji uly synag boljagyny aýdýarlar.

Talybanyň sözçüsi Frans Pres habar gullugyna pitneçileriň Marja şäherinin töwereginde toplanýandygyny we söweşe taýýardygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG