Sepleriň elýeterliligi

Planlaşdyrylan hüjüm «berk duýduryş» berýär


Owganystandaky amerikan hem NATO güýçleriniň komandiri, general Stanliý MakKristal başlanmakçy bolup duran uly harby hüjüm Talyban pitneçilerine owgan hökümetiniň öz howpsuzlyk gözegçiligini giňeldýändigi barada berk duýduryş bolar diýýär.

MakKristal şu gün Kabulda çykyş edip, günorta Owganystanda planlaşdyrylan hüjümiň ol ýerdäki pitneçilerden dynmaga gönükdirilendigini aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, bu çäre ýerli häkimiýetleriň häkimieti gaýtadan öz ellerine almagyna kömek eder.

Amerikanyň harby deňiz gýçleriniň we NATO hem owgan esgerleriniň gatnaşmagynda Helmand welaýatynda başlanjak uly hüjümiň Talybana garşy uruş başlaly bäri urlan iň uly zarba boljagy aýdylýar.


XS
SM
MD
LG