Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň DIM-i «RIA Nowostini» hakykaty ýoýmakda aýyplaýar


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi birnäçe habar serişdesiniň, şol sanda Orsýetiň «RIA Nowosti» habar gullugynyň 2010-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenbaşy şäheriniň halkara uçar meýdanynda bolan wakany ýoýup habar berendigi barada beýanat ýaýratdy.

Ukrainanyň «Aeroswit» awiokampaniýasynyň Kiew-Bakuw aralygynda gatnaýan uçary howanyň ýaramazlygy sebäpli azeri paýtagtynda gonup bilmän, Türkmenbaşyda mejbury gonmaly bolýar. Şundan soň azeri hem rus habar serişdeleri türkmen häkimiýetleriniň bu uçardaky ýolagçylara we ekipaža üç sagatdan gowrak uçardan çykmaga rugsat bermändikleri barada habar ýaýratdylar.

Habarlaryň käbirinde Türkmenbaşy şäheriniň ýerine Aşgabadyň ady getirilipdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda uçardaky 90 ýolagçynyň, şol sanda bir çaganyň we ekipažyň hiç bir päsgelçiliksiz “Türkmenbaşy” myhmanhanasynda ýerleşdirilendigi we olara gyzgyn nahar berlip, zerur rahatlygyň döredilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG