Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Täzeden gur düwmesi» basylanyndan bir ýyl soň


Birleşen Ştatlaryň wise prezidenti Jo Baýden bir ýyl öň Mýunhende geçirilen Howpsuzlyk konferensiýasynda Orsýet bilen gatnaşyklarda «täzeden gur düwmesini» basmagyň wagty geldi diýipdi. Ine, Mýunhende ýene Howpsuzlyk maslahaty geçýär. Şu bir ýyl içinde Birleşen Ştatlaryň täze syýasatyna Moskwa tarapyndan nähili garalýar?

Wladimir Putin Barak Obamanyň raketa gorag planyny üýtgetmeginden hoşal boldy, ol öň bu plana garşy çykypdy.

Birleşen Ştatlaryň täze prezidenti sentýabr aýynda Çeh respublikasynda ýokary derejeli radar, gözegçilik sistemasyny we Polşada gorag raketalaryny goýmak planyny goýbolsun edýändigini yglan edende, Orsýetiň premýer ministri muny «dogry hem batyrgaý» ädim atlandyrypdy.

Birleşen Ştatlar bu plany täze çemeleşme, ýagny günorta Ýewropada deňizde ýerleşdirilen öňüni alyş raketalaryna gol ýapmak esasynda goýbolsun edipdi. Ýöne Putin birnäçe aý soň munuň Ýewropadaky deňagramlylygy bozýandygyny we Orsýeti jogap hökmünde täze hüjüm ýaragyny döretmäge mejbur edýändigini aýdyp, Obamanyň täze çemeleşmesiniň ýüzüne urdy.

Synçylaryň pikirine görä, bu bolýan zatlar häzirki rus elitasynyň, Putiniň töweregini gurşap alap howpsuzlyk weteranlarynyň Birleşen Ştatlara ynanyp bolmajak bäsdeş hökmünde garamagy dowam etdirmegi bilen bagly. Moskwada ýaşaýan goranyş synçysy Pawel Felgenhauer bu barada şeýle diýýär: «Elbetde, bu ýerde esasy problema Birleşen Ştatlar bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki maksatlaryň örän düýpli tapawutlanmagynda. Bu ýerde maksatlaryň we ideologiýanyň arasynda uly tapawut bar we şu ýagdaý hem hyzmatdaşlygy gaty kynlaşdyrýar we çäklendirýär.»

Moskwda çykýan «Russia In Global Affairs» žurnalynyň baş redaktory Fýodor Lukýanow bu problemanyň mundan hem düýplidigini, öňki bäsdeşleriň Sowuk uruşdan ýigrimi ýyl soň hem bir-birleri bilen nähili iş salyşjagyny bilmeýändigini aýdýar.

«Bu ýerde Obama häkimiýete gelmezden öň petige dirän gatnaşyklary gowulaşdyrmak babatda aýdyň bir isleg bar. Ýöne Orsýet we Amerika şu günki dünýäde bir-birinden näme isleýär? Ine, şu aýdyň däl» diýip, Lukýanow aýdýar.

Ýagdaý henizem o diýen aýdyň däl

Obamanyň Orsýet bilen gatnaşyklary gaýtadan gurmak ideýasy NATO-nyň giňemegi, raketa gorag sistemasy ýaly jedelli meselelerden biraz çeke durup, ünsi ýaraglara kontrolluk, Owganystandaky uruş, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak ýaly umumy bähbitlere gönükdirmegi maksat edinýärdi. Emma bir ýyl geçendigine garamazdan, bu ugurda ýagdaý henizem o diýen aýdyň däl.

Sowuk uruş döwründen bäri dowam edýän şertnamanyň möhletiniň dolmagy bilen gol çekilmeli täze şertnama, Strategiki ýaraglary çäklendirmek şertnamasy 2008-nji ýylyň aýagynda taýýar bolar öýdülýärdi. Emma gepleşikler garaşylyşyndan uzaga çekdirildi we synçylar täze şertnama ýene-de birnäçe aý garşmaly boljagyny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlar Moskwanyň rus territoiýasynyň üstünden Owganystana harby tehnika geçirmäge rugsat bermegini sorady we oňa şeýle rugsat berildi. Ýöne bu ylalaşygyň ýerine ýetirilişi entek göwnejaý däl. Şeýle-de Orsýet Waşingtonyň Tähranyň ýadro ýaragyny edimeginiň öňüni almak maskady bilen Eýrana garşy berk sanksiýa girizmek teklibine-de ikuçly seslendi.

Prezident Dmitriý Medwedew sentýabryň aýagynda Birleşen Ştatlaryň syýasatyny goldap, «käbir işlerde sanksiýalar gutulgusyz» diýdi. Ýöne biraz soň Lawrow «özleriniň bu ýagdaýda sanksiýalaryň we basyş haýbatlarynyň ters netije berjegine ynanýandyklaryny» gaýtalady.

Lukýanow rus elitasynda köp adamyň Birleşen Ştatlar Orsýetden köp zat isleýär we ýerine gaty az zat hödürleýär diýip pikir edýändigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG