Sepleriň elýeterliligi

Ýurt kyn döwri başdan geçirýärkä, diňe bir uly ýolbaşçylar däl, eýsem, kiçiräk wezipeler ynanylan ýolbaşçylar hem kalby arassalyk bilen, öz seredýän ugurlaryndaky problemalary çözjek bolmaly. Ýogsa, halk kösenýär. Ýurt bolsa kynçylykly günlerde köp wagt bolýar.

Men, ine, özüme degişli mesele hakda gürrüň bereýin. Ýerler zaýalanýar we mellekden çaga eklär ýaly gazanç edip bolanok. Işeňňir bolsaň, iş kän. Mellegimize ekin ekmän, ot ekdim. Mal köpeltmek isledim. Köpeltdimem. Sygyrlarymyň sany ýigrimä ýetdi. Ýöne men sygyrlarymyň sanyny ýigrimä ýetirýänçäm niçe ýyllar azap çekdim. Bir sygry ýetişdirýänçäň, soň ony göleli sygyr derejesine ýetirýänçäň üç-dört ýyl gerek.

Üç-dört ýyllap bakan malyň bahasy biziň Lebap welaýatymyzda üç million manat - ýagny, iki ýüz amerikan dollary. Bu puly maşgala agzalarymyzyň sanyna, soň hem üç ýyla bölsek, ol biziň herimize her ýyl üçin näçe manat bolýar? Hiç zat bolanok. Lebap welaýatynda welaýatdaky ilatyň ep-esli bölegi obada ýaşaýar. Şolaryň hemmesinde-de mal bar. Mallar dym arzan. Mal arzan bolsa, elbetde, ýurt üçin, et satyn aljaklar üçin hezil. Ýöne mal eýesi üçin kyn. Sebäbi zähmetiňe hiç zat düşenok. Her kişem azap bilen ýetişdiren malyny gymmadrak satmak isleýär.

Özbegistan tarapa-ha hiç zat geçirmek bolanok. Diňe her adama ýekeje telewizor geçirmäge rugsat edýärler. Bu söwdadan ýigrimi dollar galýar. Bu söwda bilen maşgalany ekläp bolanok. Onsoňam, haýsy bir öý, haçana çenli telewizor satyp gün görsün!

Men: «Mallarymy Aşgabada äkidip sataýyn» diýen netijä geldim. Ilki bada o taýda malyň bahasynyň näçedigini bilmek gerekdi. Şonuň üçin Lebapdan paýtagta gidýän marşrut taksilerine özümi atyp, paýtagta tarap ýola düşdüm. Aşgabatda mal hem, et hem gymmat eken. Bir sygyr (gölesiz hem bolsa) alty million manat eken, ýagny, dört ýüz amerikan dollary. Etiň bahasy köne puldan elli-altmyş müň manat. (Dört dollar).

Aşgabada eltip bolsa, mallarym pul bolaýjakdy. Iki esse pul düşjek. Ýöne bize mallarymyzy paýtagta eltip satmaga rugsat berenoklar. Ýolda tutsalar, salynýan jerimäniň bahasyna satjak malyň puly-da ýetmeýär. Haýsydyr bir dokument düzetmeli diýdiler. Ol dokumenti alýançaň hem ummasyz pul gerek. Oba adamlaryny hiç ýere gymyldamaz ýaly edip goýupdyrlar.

Bu zatlary näme üçin şeýdýäkäler? Azyk boýunça ýolbaşçylar şunuň ýaly meseleleri çözseler bolmaýarmyka? Welaýatlardan arzan mallar eltiliberse, paýtagtda et hem arzanlajak ahyryn. Käbir ýolbaşçylar özüni baýatjak bir ýoljagazy ýapmazlyk üçin şeýle ýagdaýy döredýärmikäler? Bilgeşländen muny şeýdip bulaşdyrýarmykalar? Ýa-da ýagdaýy düzetmegi başarmaýarmykalar? Ýa işlerine düşünmeýärmikäler?

Başga-da bir ýagdaý geň galdyrýar. Hökümet magazinlerinde Hindistandanmy, Pakystandanmy getirilen, bir hili etler dur. (Ýüzüne ýazylan hat araplaryňka meňzeş bolansoň, ony okap bolanok). Özem, şeýle bir ysy bar ol etleň, eliňe alanyňdan ýüregiňi bulap barýa. Özem mydama alynman ýatyr. Magazinçiler ol etleriň özlerine «Hökman satmaly» diýen buýruk bilen getirilýändigini aýdýarlar. Ýurtda malyň, etiň şeýle bolçulygynda näme üçin ýurda daşary ýurtdan et getirilýärkä? Bu ýerde azyk ugrunda işleýän haýsydyr bir wezipeli kişiniň bähbidiniň bary görnüp dur.

Biz-ä bu bolup geçýän zatlara düşünýän däldiris.

Goňşy respublikalara zat geçirip satmagyň gadaganlygyna biz dym gynanybam durjak däl. Ýöne näme üçin welaýatlara biri-biriniň arasynda söwda etmegi gadagan edýärkäler? Bir ýurduň adamlary. Harytlaryny nirede satanlarynda näme! Bu bolýan zatlara biziň-ä akylymyz haýrandyr.

Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG