Sepleriň elýeterliligi

Ýok, daýhanlar asla ýurt ýolbaşçysyny günäkärlemek islänok. Sebäbi ýurt ýolbaşçysy ýurdy dolandyrmaly. Onuň iş-aladasynyň ýetikdigini bilýärler. Ýöne, ine, oba hojalygyna degişli ýolbaşçylary welin tankytlamak isleýärler.

Näme üçin? Sebäbi eýýäm ençe ýylyň içi, ekerançylyk ýerlerine bir döw çaldy. Hasyla durup-durmanka ekinler gurap galýar. Ekinleri aldygyna gurçuk iýýär. Ekinlere azot, superfosfat, ders ýaly dökünlerem berip görýäris. Çäre ýok. Ekinler ýaňy hasyla durandan olary gurçuk iýip, saraldyp-soldurýar, soň bolsa guradýar.

Bu näme üçin beýle bolýar? Daýhan munuň sebäbini bilenok. Ol diňe gözüni ýaşlap, Hudaýa ýalbaryp otyr. Etrabyň, welaýatyň oba hojalygyna degişli ýolbaşçylary daýhanyň, ýeriň ýagdaýyndan habaram alanoklar. Ýurduň oba hojalygyna degişli ýolbaşçylary-ha daýhandan asla-da habar alanok.

Öňler beýle däldi. Oba hojalyk ýolbaşçylary etrapdan-da, welaýatdan-da, merkezden-de gelip, häli-şindi ekinleri, daýhanlary barlap giderdiler. Maslahat, kömek bererdiler. Sebäbi ekin bolmasa, ýer zaýalansa, daýhanyň aç galjagyna, oba çökse, ýurduňam çökýänligine olar düşünýärdiler.

Oba hojalygyna degişli ýolbaşçylaryň hiç biri ýeriň aladasyny etmänsoň, daýhanyň halyndan habar almansoň, güzeranyny dolamak üçin, çagalaryny eklemek üçin oba adamlarynyň hersi mellek işlerini goýup başladylar. Olar ýaşaýyş üçin eklenç puly gözläp, her ýana ýortýarlar. Kimler söwda, kimler gurluşyga gidýärler. Ulurak tanyş tapyp, giň ýol açaýmasaň, söwdadan-da hiç zat düşenok.

Ýerleriň aşa zaýalygy üçin mellekdäki ekiniň ýagdaýy maşgala eklärlik bolmansoň, oba adamlarynyň köpüsi bagbançylyga ýüz urup görmegi niýet edinýärler. Olar Özbegistandan hurma nahallaryny getirýärler. Hemmeler mellegine hurma nahallaryny oturdýar. Öňler pomidor-hyýaryň, süýji gawun-garpyzlaryň mesgeni bolan welaýatymyz geljekde subtropiki agaç bolan hurma baglarynyň mesgenine öwrüler. Belki, miweler bol miwe berip, halkyň maňlaýyndan dirär.

Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG