Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky saýlawlar boýunça protest boldy


Düýn Yragyň paýtagty Bagdatda ýurduň ozalky lideri Saddam Husseýniň Baas partiýasyna dahylly diýlip hasaplanylýan adamlaryň parlament saýlawlaryna gatnaşdyrylmagyna protest bildirip, ýüzlerçe adam ýöriş geçirdi.

Geçen hepde Yragyň parlamenti Saddam Husseýniň Baas partiýasyna dahyllylykda güman bildirilýän adamlardan 500-e golaýyna parlament saýlawlaryna gatnaşmaklygy gadagan ediji karar kabul edipdi.

Ýone Yragyň şikaýat sudy deputatlaryň girizen bu gadagançylygyny ýatyrmak barada höküm çykardy. Bu meseläniň gutarnykly çözgüdi Yragyň Ýokary sudunyň çykarjak hökümine bagly bolar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG