Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TDH: Türkmen prezidentiniň adyna minnetdarlyk haty geldi


Düýn Türkmen Döwlet habarlar gullugy Türkmenistanyň prezidentiniň adyna üç gün mundan öň Türkmenbaşy şäherine gyssagly gonmaly bolan Borispol-Baku ýolagçy uçarynyň ýolagçylarynyň hem-de ekipažynyň adyndan minnetdarlyk hatynyň gelendigini habar berdi.

Bu resmi maglumatda 5-nji fewralda ýaramaz howa şertleri sebäpli Bakuwda gonup bilmän, Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde wagtlaýyn gonmaly bolan uçaryň ýolagçylarynyň özlerini Türkmenistan tarapynyň mähirli garşylap, amatly myhmanhanada ýerleşdirip we gyzgyn nahar bilen hezzetläp kabul edendigi üçin uly minnetdarlyk bildirendikleri aýdylýar.

Ýatladyp geçsek, 5-nji fewralda Borispol-Baku ýolagçy uçarynyň Türkmenbaşy şäherinde gyssagly gonmagy bilen baglanyşykly bolan wakadan soň, Orsýetiň habar serişdeleri bu uçaryň ýolagçylarynyň ençeme sagatlap uçardan çykarylman, aç-suwsuz saklanandyklary barada maglumat ýaýradypdylar.
XS
SM
MD
LG