Sepleriň elýeterliligi

Fotosuratçynyň sergisi gyrgyz resmisini işsiz goýdy


Geçen hepde Gyrgyzystanyň prezidenti Bakyýew ýurduň medeniýet boýunça döwlet agentliginiň başlygy Sultan Raýewi wezipesinden boşatdy. Muňa Sultan Raýewiň asly orsýetli amerikan fotosuratçysy Sergeý Melnikowa Bişkekde öz surat sergisini gurnamaga rugsat bermegi sebäp boldy.

Birleşen Ştatlaryň raýaty, milleti boýunça rus Sergeý Melnikow Orsýet barada özüniň ýiti tankydy garaýyşlary bilen tanalýar. Ol Orsýeti «gullaryň ýurdy» diýip atlandyrmakdan hem çekinip durmaýar.

Sungat bilen syýasat garyşanda partlaýjy madda ýaly özboluşly birleşme emele gelýär. Sergeý Melnikowyň fotosergisi bilen baglanyşykly geçen hepde Gyrgyzystanda ýüze çykan dawalar hem hut şuňa mysal bolup biljek wakalardan biridi.

Melnikowyň «Gyrgyzlaryň topragy» diýlip at berlen sergisi bu ýurduň uly daglyk peýzažyny wasp etmäge bagyşlanan. Sergini Bişkegiň Milli muzeýinde 11-nji fewralda açmaklyk planlaşdyrylypdy. Fotosuratçynyň işleriniň professional çeperçilik derejesine hiç kim kembaha garamaýar. Ýöne fotosuratçy Sergeý Melnikowyň Orsýet baradaky ýiti tankydy garaýyşlary Gyrgyzystanda uly dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Orsýet Gyrgyzystanyň iň bir möhüm halkara partnýorlaryndan biri hökmünde tanalýar. Orsýet Gyrgyzystanyň pese düşen ykdysadyýetine ýardam bermek üçin bu ýurda 2 milliard dollardan hem gowrak möçberde karz bermeklige we maýa ýatyrmaklyga söz beripdi.

Gyrgyzystanyň dolandyryjy «Ak Žol» partiýasynyň käbir parlament deputatlary bu wakalaryň fonunda Orsýet barada öz ýiti tankydy garaýşy bilen tanalýan amerikan fotosuratçysy Sergeý Melnikowyň Bişkekde surat sergisiniň gurnalmagyna garşy çykyş etdiler. Olar, hususan-da, beýle çärä ýol berilmeginiň Bişkegiň Moskwa bilen gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini öňe sürdüler.

Prezident Kurmanbek Bakyýew 3-nji fewralda parlament sessiýasynda ýaňlanan bu tankytlaryň tas yz ýanyndan ýurduň medeniýet boýunça döwlet agentliginiň başlygy Sultan Raýewi wezipesinden boşatdy. Bu waka bolsa öz gezeginde nobatdaky dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.

Gurnalan oýunmy?

Gyrgyzystanyň medeniýet boýunça döwlet agentliginiň başlygy Sultan Raýew parlamentde eden çykyşynda fotosuratçy Sergeý Melnikowy Gyrgyzystana diňe bir özüniň çagyrmandygyny aýtdy: «2009-njy ýylyň 3-nji martynda prezidentiň ozalky maslahatçysy Asylbek Aýdaralyýew Sergeý Melnikowy ýurda çagyrdy we ondan Gyrgyzystan barada fotoalbom taýýarlamaklygy haýyş etdi. Şeýle hem ol Gyrgyzystanda onuň sergisini gurnamak barada-da gürrüň etdi. Onuň surat kitaby «Gyrgyzlaryň topragy» diýlip atlandyrylýar. Bu kitabyň tanyşdyrylyşyna öňden bäri taýýarlyk görlüp gelinýär. Gyrgyzystanyň turizm baradaky ozalky döwlet agentligi şol kitap üçin 100 müň dollarlyk kontrakta gol çekdi we kitap çap edildi».

Fotosuratçy Sergeý Melnikowyň özi Gyrgyzystanda ýüze çykan bu soňky wakalaryň ýurduň medeniýet boýunça döwlet agentliginiň başlygy Sultan Raýewi wezipesinden çetleşdirmek üçin ýörite gurnalan oýun bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.

Sergeý Melnikow Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna öz elindäki resmi çakylygyň skanlanan nusgasyny iberdi. Şol çakylygyň nusgasynda prezidentiň ozalky maslahatçysy Aýdaralyýewiň goly bar. Sergeý Melnikow özüniň Gyrgyzystana ýurduň prezidentiniň edarasy we prezidentiň hut öz maslahatçysy tarapyndan çagyrylandygyny aýtdy.

Käbir synçylar Sergeý Melnikowyň Bişkekde surat sergisiniň gurnalmagynyň gadagan edilmegine onuň ”Gulag.ipwnews.org” atly şahsy internet saýtynyň sebäp bolandygyny öňe sürýärler. Melnikow özüniň bu saýtynda Orsýetde alnyp barylýan döwlet syýasatyny, aýratynam onuň Çeçenistan we Gürjüstan babatynda alyp barýan syýasatyny berk tankyt edýär.

Örän ýiti we ötgür sözler bilen ýazylan bu materiallar Leninden başlap, Wladimir Putine çenli tas ähli Sowet we rus liderlerini terror hem-de genosid ýaly jenaýatçylyklarda aýyplaýar.

Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna beren interwýusynda Sergeý Melnikow Moskwanyň syýasaty barada özüniň çakdanaşa ýiti garaýyşlara eýerýändigini inkär etmedi. Ýöne, beýleki tarapdan, ol her bir zat barada her kimiň öz şahsy garaýşynyň bolup biljekdigini öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG