Sepleriň elýeterliligi

Hytaý polisiýasy haker tälimi biznesini ýapýar


Polisiýanyň merkezi Hytaýda internet arkaly açyk hakerçilik sapagyny berýän guramalary ýapandygy aýdylýar.

Döwlet metbugaty polisiýanyň şu gün Hubeý welaýatynda Black Hawk Safety Net ady bilen tanalýan haker sahypasyny ýöretmekde güman edilýän üç adamy tussag edendigini habar berdi.

Black Hawk toparynyň 12 müňden gowrak hak töleýän abunaçysynyň bardygy we agzalyk haklaryndan 1 milliondan gowrak amerikan dollaryny toplandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG