Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hamasyň lideri palestin bitewiligi barada gürleşmek üçin Moskwa geldi


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün Moskwda Hamasyň syýasy lideri Haled Mişaal bilen duşuşdy. Olar Palestinanyň jeňçi topary bilen onuň bäsdeşi Fatah hereketini ýaraşdyrmak tagallalary barada maslahat etdiler.

Bu iki topar bir-birine garşy durýar. Hamas Gaza zolagyna kontrolluk etse, Palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmut Abbasa degişli Fatah Günbatar kenary eýeleýär.

Birleşen Ştatlar we Ýeropa Bileleşigi Hamasy terror guramasy atlandyrýar, emma Orsýet bu gurama bilen resmi gatnaşyklaryny dowam etdirýär.
XS
SM
MD
LG