Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran BMG-ä uran baýlaşdyrmak planyny aýtmaly


Eýran şu gün BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugyna (HAEG) özüniň has ýokary derejede uran baýlaşdyrmak plany barada resmi habar bermelidi.

Eýranyň ýadro gullugynyň başlygy Aly Akbar Salehi ýekşenbe güni giçlik Tähranyň 9-njy fewralda urany 20%-e çenli baýlaşdyrmaga başlajagyny we bu barada Halkara Atom energiýasy gullugyna maglumat berjegini yglan etdi.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts Eýrana has kän halkara basyşyny etmäge çagyrdy. Ol şu gün fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi bilen duşuşýar.
XS
SM
MD
LG