Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda NATO-nyň ýene iki esgeri öldürildi


Günorta Owganystanda bolan bomba partlamasynda Talyban pitneçilerine garşy göreşýän NATO esgerleriniň ikisi wepat boldy.

NATO özüniň şu günki beýanatynda ne ol esgerleriň milletini, ne-de ýekşenbe güni bolan partlamanyň anyk ýerini aýtdy.

Bu iki esgerlden öň, ýekşenbe güni Mazary-şerif şäheriniň golaýynda bir patrola edilen hüjümde Şwesiýanyň iki sany goşun ofiseri bilen bir terjimeçi öldürilipdi.

Soňky ölüm habarlary, Fransiýanyň AFP habar gullugynyň sanawyna görä, Owganystanda şu ýyl öldürilen daşary ýurt esgerleriniň sanyny 61-e ýetirýär.
XS
SM
MD
LG