Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran uran plany barada HAEG-e resmi habar berendigini aýdýar


Eýran BMG-niň Halkara atom energiýasy gullugyna (HAEG) özüniň has ýokary derejede uran baýlaşdyrmak plany barada resmi habar berendigini aýdýar.

Tähranyň Halkara atom energiýasy gullugyndaky wekili Aly Asgar Soltaniýe şu gün bu barada döwlet telewideniýesinde habar berdi.
Eýran ýekşenbe güni giçlik Tähranyň 9-njy fewralda urany 20%-e çenli baýlaşdyrmaga başlajagyny we eger başa barmasa, BMG taarpyndan goldanýan ylalaşygy togtatjagyny aýtdy.

Fransiýanyň goranmak ministri Herwe Morin şu gün Waşington bilen Parižiň Eýranyň ýadro programmasy babatda Tährana garşy täze sanksiýalar üçin basyş etjegini aýtdy. Morin bu barada öz amerikan kärdeşi Robert Geýts bilen duşuşandan soň aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Robert Geýts Eýrana has kän halkara basyşyny etmäge çagyrýar. «Eger halkara jemgyýetçiligi bileleşip, Eýran hökümetine basyş etse, men sanksiýalaryň we basyşyň iş bitirjegine ynanýan» diýdi.

Geýts şu gün fransuz prezidenti Nikolas Sarkozi bilen duşuşýar.
XS
SM
MD
LG