Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç prezident saýlawlarynda görnetin ýeňiji boldy


Sesleriň 99 prosentiniň sanalmagy bilen, Ukrainada geçirilen ikinji tapgry prezident saýlawlarynda Ýanukowiç öz bäsdeşi, premýer ministr Ýuliýa Timoşenkodan sesleriň 3 prosentden gowragy bilen öňe saýlandy.

Saýlawçylaryň 4 prosentden gowragy kandidatlaryň ählisine garşy ses beripdir.

Moskwa tarapdar Ýanukowiç Timoşenkony ýeňlişi kabul etmäge çagyrdy. Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baştutanlygyndaky halkara gözegçileri saýlawlaryň açyk we adalatly geçirilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG