Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň “Mämişi rewolýusiýasy” gögerdi


2004-nji ýyldaky “Mämişi rewolýusiýa” döwründe Wiktor Ýanukowiç gara donly bir adam hökmünde häsýetlendirilipdi. Şonda prezidentlige geçirilen saýlawlarda galplyga ýol berlendigi öňe sürlende, 100 müňlerçe tarapdar köçä çykyp, saýlawyň netijesiniň üýtgemegine sebäp bolupdy.

Ýöne şondan bäş ýyl soňra, “Mämişi rewolýusiýany” esaslandyran liderleriň arasynda höküm süren oňşuksyzlyk sebäpli ozalky kommunist resmisine amatly pursat döredi. Bazar güni prezidentlige geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Ýanukowiçiň bäsdeşinden köp ses alandygyny merkezi saýlaw komissiýasy mälim etdi.

Halka ilkinji ýüzlenmesinde Ýanukowiç adamlary hem bütin Ukrain halkyny ýeňiş bilen gutlady. Inter-kontinental oteldäki dabarada Ýanukowiç şonuň ýaly-da bu ýeňşiň Ukrainanyň bütewiligini üpjün etmekde ilkinji ädimdigini, onuň gaty möhüm hem zerurdygyny-da sözüne goşdy.

Ukrainça däl-de, rusça


Ýanukowiçiň näme aýdanyndan, onuň haýsy dilde gepläni has beter ünsi özüne çekdi. Ol ukrainça däl-de, rus dilinde çykyş etdi.

59 ýaşyndaky Ýanukowiç 2004-nji ýyla çenli onçakly tanalýan adam däldi. Şondan bäri ukrainça çykyşlary bilen ol özüni merkezçi bir şahsyýet hökmünde tanatmaga synanyşyp geldi.

Bazar günki çykyşyny rus dilinde etmegi ýurduň gündogaryndaky senagatlaşan regionyň rus dilli ilatynyň ony goldanlygyny ykarar etdigi hasaplanylýar. Bu ýerde ýaşaýanlaryň aglabasy Orsýet bilen gatnaşyklaryň gowulanmagyny isläp gelýärler.

Saýlawlar sebäpli ikä bölünen bu ýurtda Ýanukowiçiň rus dilinde gürlemegini günbatar Ukrainalylar halamasa gerek. “Mämişi rewolýusiýanyň” tarapdarlary Ukrainanyň Ýewropa bileleşigine goşulmagyny isleýärler we olaryň aglabasy rusça geplemegi ret edýärler.

Ýanukowiçiň ýeňşi Moskwany-da kanagatlandyryp biler. Orsýet Ukrainanyň NATO ýaranlygyna goşulmagyna garşy bolup gelýär. Ýanukowiç-de öz ýurdunyň bu ýaranlyga goşulmagyna garşy çykyş edip geldi.

Timoşenko kabul etmedi

Ukrainanyň premýer-ministri, prezidentlige esasy dalaşagär Ýuliýa Timoşenko ýeňlişini kabul etmedi. Ol diňe sosiologlaryň pikir soralyşygynda ýeňlendigini aýdyp, hakyky netije sesler doly sanalanda belli bolar diýdi: «Ýewropa hem demokratik we güýçli Ukraina üçin ses berenleriň sanynyň muny islemeýänlerden köpdügine men kepil geçip biljek» diýip, Timoşenko aýtdy.

Ol şeýle-de öz saýlaw kampaniýasyny alyp barýanlara sesleriň dogry sanalmagyna berk gözegçilik etmeklerini tabşyryp, hatda ýekeje bir sesiň-de saýlawyň netijesini üýtgedip biljegini nygtady.

Ukrainleriň köpüsi korrupsiýa garşy göreşjekdikleri we ykdysadyýetde reforma geçirjekdikleri barada beren sözlerinde tapylmandyklary üçin “Mämişi rewolýusiýanyň” liderlerinden berk nägile boldular.

Ukrainaly syýasy analitik Olekseý Haran saýlawlaryň netijesine şeýle baha berýär: «Eger-de Ýuşenkonyň we Ýetsenýugyň “mämişi saýlawçylara” bil baglap, olara hemmeleriň garşysyna ses beriň diýen çagyryşy bolmadyk bolsa, Timoşenkonyň ýenjekdigini şu netijeler anyk görkezýär» diýip, bu analitik aýdýar.

Timoşenka, eger saýlawlarda galplyga ýol berilse, özüniň halky köçe protestlerine çagyrjakdygyny söz beripdi.
XS
SM
MD
LG