Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ermenilere garşy genosid boýunça rezolýusiýany ýazgarýar


Düýn Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Amerikan Kongresiniň ýörite komitetiniň ermenilere garşy genosid jenaýatçylygynyň bolandygy ýa bolmandygy baradaky mesele boýunça rezolýuýasiýa kabul etmek planyny ýazgaryp çykyş etdi.

Jenap Dawutoglu bu mesele boýunça rezolýusiýanyň kabul edilen halatynda, munuň Türkiýe bilen Birleşen Ştatlaryň hem-de Türkiýe bilen Ermenistanyň gatnaşyklaryna çynlakaý zeper ýetirjekdigini öňe sürdi.

Mundan daşary, Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Amerikan Kongresini şeýle çäreler arkaly Türkiýäni Ermenistan bilen hyzmatdaşlyklar barada eglişikli ylalaşyklara gol çekmäge mejbur etmek synanyşygynda hem aýyplady.
XS
SM
MD
LG