Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Dagystanyň prezidentligine kandidat hödürledi


Düýn Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew ýurduň Dagystan respublikasynyň prezidentiniň wezipesine uniwersitet professory Magomedsalam Magomedowyň kandidaturasyny hödürledi.

Dagystanyň häzirki prezidenti Mukhi Aliýewiň prezidentlik möhleti 20-nji fewralda tamamlanýar.

Mundan daşary düýn prezident Medwedew Orsýetiň Krasnoýar ülkesine, Hanty-Mansisk awtonom okrugyna hem-de Ýewreý awtonom oblastyna gubernotorlyk wezipesine täze adamlary hödürledi.

Bu hödürlenen kandidatlar indi ýerli Geňeşler tarapyndan tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG