Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kemisli çagalar baradaky makala ula ýazdy


Ýakynda Orsýetde çap edilýän bulwar gazetiniň žurnalisti Aleksandr Nikonow akyl we beden taýdan kemisli doglan çagalaryň medisina usuly arkaly öldürilmegine çagyryş edip makala ýazmak bilen, dawa döremegine sebäp boldy.

Aleksandr Nikonow «Speed-Info» atly meşhur bulwar gazetinde çap edilen bu makalasynda kemisli doglan çagalar barada orsça «debil» diýen kemsidiji sözi ulanypdyr. Bu söz «saňsar» diýen manyny anladýar.

Žurnalist Nikonow täze doglan çagalaryň akyl we beden taýdan kemisliligi anyklansa, olary medisina usuly bilen öldürmäge ene-atalaryna hukuk berilmelidigini öňe sürýär.

«Olaryň ejir çekmezligi üçin, olardan dyn» diýlip atlandyrylan bu makalada awtor şeýle çäräni «dogulmadan soňky abort» diýip atlandyrypdyr we munuň şeýle çagalar üçin diňe rehimli çäre boljakdygyny nygtapdyr.

Şikaýat edildi

Orsýetli Snežana Mitina bilen Swetlana Ştarkowanyň ikisem ösüş taýdan kemter doglan çagalaryň eneleri. Olar Aleksandr Nikonowyň bu makalasyna örän ýiti reaksiýa bildirip, Nikonowyň üstünden ýurduň Žurnalistler bileleşigine şikaýat edipdirler.

Bu zenanlar öz maksatlarynyň Aleksandr Nikonowa jeza berilmegini gazanmak däl-de, eýse Orsýetde akyl we beden taýdan kemisli adamlar babatynda dowam edýän çydamsyzlyk medeniýetine ünsi çekmekden ybaratdygyny aýdýarlar.

2-nji fewralda Orsýetiň Žurnalistler bileleşiginde eden çykyşynda Swetlana Ştarkowa bu babatda jemgyýetde dowam edýän tendensiýalara özüniň nägileligini bildirdi.

“Awtoryň öňe sürýän bu garaýşy ýeke-täk garaýyş däl” diýip Swetlana Ştarkowa aýdýar. “Statistiki maglumatlar biziň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň takmynan her dörtden biriniň şeýle garaýşa eýerýändigini görkezýär. Hut şu garaýşyň netijesinde-de, köçede bütinleý nätanyş adamlar meň ýanyma gelip: ”Sen azgynçylyk edensiň, şoň üçin saňa geregem şudyr” diýip, ýüzlenýärler”.

Ştarkowanyň aýtmagyna görä, şeýle garaýyşlary lukmanlarda-da, sosial pudagyň işgärlerinde-de görmek bolýar. “Ýagny, meniň çagamyň agyr maýyplygy sebäpli we diňe şonuň üçin olar özlerine ynanylan borçlary ýerine ýetirmek islemeýärler”.

«Milli artykmaçlyk»

Bu eneleriň hukugyny gorap çykyş edýän adwokat Pýotr Kuçerenko Žurnalistler bileleşiginiň ýörite komissiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, žurnalist Aleksandr Nikonowyň kemisli doglan çagalary medisina usuly bilen öldürmek baradaky garaýşynyň bu babatda bar bolan diskriminasiýa hasam meçew berendigini we munuň nasistik Germaniýa mahsus «milli artykmaçlyk» teoriýasy ýaly howply ideýadygyny aýtdy.

Ýöne bu aýyplamalara garamazdan, makalanyň awtory Aleksandr Nikonow özüniň öňe süren garaýşy üçin birjik-de ökünmeýändigini görkezdi: «Özümi tanyşdyrmaga rugsat ediň: men Adolf Gitler. Käbir adamlar meni hut şu obrazda görkezmek isleýärler. Men haçan-da kimdir biri ejir çekýän wagty ”Hawa, bu şeýle bolmaly we bu örän gowy. Goý, ol ejir çekse çeksin, esasy zat – biziň rehimdarlyk baradaky intelligent garaýşymyza zyýan ýetmese bolýar” diýýän adamyň özüni näkes diýip hasaplaýaryn. Siz täterime gidiň. Ýöne adamlar ejir çekmeli däldir. Meniň tutýan pozisiýam şeýle! Sizem meniň sesimi sem etdirip bilmersiňiz».

Aleksandr Nikonowyň bu delilleri Žurnalistler bileleşiginiň goldawyny gazanyp bilmedi. Orsýetiň Žurnalistler bileleşigi Nikonowyň ýazan bu makalasynyň ekstremizm äheňindedigini belläp, «Speed-Info» gazetinden Snežana Mitina bilen Swetlana Ştarkowanyň onuň garşysyna ýazan çykyşlaryny çap etmekligi haýyş etdi.
XS
SM
MD
LG