Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yzy üzülmeýän nobatlar


Adamlaryň nirededir bir ýerde yzy üzülmeýän hatarlary ýasap, yzy üzülmeýän nobatlary döretmegi köne döwürden galan edähet.

Dogrusy, bu hakda degişme-de bar. Käbir adamlardan: «Sowet Soýuzynyň ýaşan ýetmiş ýylynyň içinde sen näme etdiň?» diýip sorasaň, olar ýylgyryp: «Nobata durdum» diýip, jogap berýärler.

Şeýle diýmezçe-de däl, niräni görseň, haçan görseň, adam nobatlary. Adamlar hatar-hatar bolup, topar-topar bolup nobata durlar. Olar muňa endigem edipdirler. Nobatda üç-dört sagatlap durmaly bolsa-da, şol, irkilişip durlar.

Türkmenistanda ýagdaý häzirem şeýle. Köne endik saklanyp galypdyr. Türkmenistanyň indi garaşsyz gadam urýanlygyna garamazdan, öňden galan nobata durmak endigi ýok bolup gidenok. Banklara barsaňam - nobat, uçar üçin bilet satyn almaga barsaňam - nobat, otly üçin bilet satyn aljak bolsaňam - nobat, keseliňe diagnoz goýdurjak bolsaňam - nobat...

Adam mähellesi deňiz tolkunlary ýaly hallan atýar. Adamdan hyryn-dykyn zallar seslerden ýaňa hyňlap, güwläp dur. Indi ýurt garaşsyz döwlete öwüldi. Otly gatnawlarynyň sany artdy. Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen gatnaşyp başlamagy bu ýurda köp döwletlerden gelýän uçarlaryň sanyny artdyrdy. Gidýän-gelýän köp. Bilet satylýan kassalarda bolsa şol bir nobat. Gitjek ýeriňe gerekli bilediňi alýançaň, sütüniň süýnýär. Şeýle ýagdaýda bilet satýan kassalaryň sanyny artdyraýmaly ahbeti.

Keselhanalar, poliklinikalar, diagnostika nokatlary… «Sanasaň - sogaby bar» diýenleri. Şol bir - yzy üzülmeýän adam nobatlary… Keseli anyklamak üçin (diagnoz goýmak) Saparmyrat Nyýazow adyndaky keselhanada-da, «Ene mähri» merkezinde-de, onkologik keselleriň ylmy-barlag merkezinde-de, ýürek kesellerini bejerýän keselhanada-da nobata durmadan adamlaryň sütüni süýnýär.

Magtymguly şaýolundaky Diagnostika merkezinde registrasiýa üçin ýa-da kassa pul tölemek üçin nobata durlaýmasa, lukmanyň gözegçiligine girmek üçin känbir nobat ýok. Sebäbi her näsagyň lukmanyň ýanyna gelmegi üçin belli bir wagt bellenipdir. Adamlaryň hersi lukmanyň ýanyna özlerine bellenen wagtda gelýär welin, asla nobat bolanok. Bolaýanda-da on bäş-ýigrimi minutdan kän garaşmaly bolanok.

Kassalaryň sanyny köpeltmek bilen şeýle tertibi wokzalda, aeroport kassalarynda, banklarda-da ýola goýup bolar. Şeýle edilse, adamlar üçin iş orunlary-da açylardy.

Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG