Sepleriň elýeterliligi

Timoşenko saýlaw netijelerinden närazy


Ukrainada geçirilen prezident saýlawlarynyň kandidaty Ýuliýa Timoşenko adalatly saýlawlary goramak ugrunda hereket etjekdigini aýdýar.

Timoşenko 7-nji fewralda geçirilen saýlawlarda galplyklara ýol berlendigini öňe sürüp, bu baradaky şikaýaty bilen suda ýüzlenjekdigini mälim etdi.

Wiktor Ýanukowiçiň alan sesleri Timoşenkonyňkydan 3% öňde barýar.

Halkara synçylary, şol sanda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, saýlawlaryň açyk hem adalatly geçendigini aýdyp, ukrain syýasatçylaryny häkimiýet çalşygynyň asuda geçmegini üpjün etmäge çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG