Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 20% baýlaşdyrylan urany öndürip başlady


Şu gün Eýranda 20% baýlaşdyrylan uran öndürilip başlandy. Bu barada Eýranyň “Al-Alam” telekanaly maglumat ýaýratdy.

Bu baradaky maglumatda, prossese Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň inspektorlarynyň gözüniň öňünde başlanandygy aýdyldy.

8-nji fewralda bu baradaky habar ýaýradylandan soň, ABŞ hem Fransiýa Eýranyň ýadro programmasyny bes etdirmek üçin has berk sanksiýalary girizmegi talap etdiler.

Şu çaka çenli BMG Eýrana garşy üç tapgyrdan ybarat sanksiýalary girizdi.

Orsýet hem Eýranyň 20% baýlaşdyrylan uran öndürilip başlamagy bilen bagly alada bildirip, bu habardan soň Eýranyň ýadro programmasynyň näme maksatlar bilen amala aşyrylýandygy babatda özlerinde has köp şübheleriň döreýändigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG