Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrine käýinç berildi


Türkmenistanyň resmi habar çeşmeleri Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Öwlüýäguly Jumagulyýewe berk käýinjiň yglan edilendigi barada maglumat ýaýratdy.

Ministre “iş wezipelerini talaba laýyk ýerine ýetirmändigi, öz gol astyndaky edaralara we kärhanalara gözegçiligiň peseldenligi, aragatnaşyk pudagynyň ösüşi babatda alnyp barylan işleriň gowşak bolandygy” üçin käinç yglan edilendigi habar berildi.

Gysga wagtyň içinde bu ýetmezçilikler düzedilmese, Jumagulyýewiň wezipesinden boşadyljakdygy duýduryldy.
XS
SM
MD
LG