Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda gadagan edilen gazetler täzeden işe başlar


Şu gün Gazagystanyň sudy tarapyndan Nazarbaýewiň giýewsi Timur Kulebaýewiň şikaýaty boýunça gadagan edilen gazetlere suduň çykaran täze karary boýunça rugsat edildi.

Bu gazetlerde Timur Kulebaýewiň korrupsiýa dahyly bardygy hakda maglumatlar çap edilipdi.

Suduň gadagançylygy zerarly maliýe ýitgisini çeken gazetleriň eýeleri suddan öz çeken ýitgileriniň öweziniň doldurylmagyny talap etjekdiklerini mälim etdiler.

“Suduň bu gadagançylygy ýatyrmagy, Gazagystanda söz azatlygynyň eňendigini aňlatmaýar” diýip, Gazagystanyň “Azat” hem “Alga” partiýalarynyň wekilleri aýdýarlar.

Ol diňe prossesual ýalňyşlygy düzetmek maksady bilen edildi diýip, gazak oppozisiýasynyň wekilleri bellediler.
XS
SM
MD
LG