Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Orsýete söweş gämisini satmakçy


Fransiýanyň Goranmak ministrliginiň resmileri çylşyrymly tehnologiýaly mistral söweş gämisini satmak barada Parižiň Moskwa bilen ylalaşandygyny bildirdiler.

Orsýet bu gämiden ylalaşylandan daşgary ýene üçüsini soraýar. Fransuz resmileriniň aýtmagyna görä, Orsýetiň bu haýyşy barada hem Parižde häzir pikir alşylýar.

Bular ýaly ýarag söwdasy Orsýet bilen NATO agzasynyň arasynda ozal bolan zat däl. Şol sebäpden hem bu habar bu harby ýaranlyga agza beýleki ýurtlar bilen Orsýetiň ýakyn goňşularynyň arasynda biynjalyklyk döretdi. Hemmeden köp aladalanýan hem Gürjüstan.

Gürji parlamentiniň Ýewropa integrasiýasy komitetiniň başlygy Dawid Darçiaşwiliniň garaýşyça, planlaşdyrylan bu söwda başa barsa, tutuş regiona oňaýsyz täsir eder. Bu barada ilki NATO we Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň pikiri soralmaly.

“Bu Orsýetiň ýakyn goňşularyny aladalandyrýan zat. Regionyň durnuklylygyny, deňgaramlylygyny, howpsuzlygyny nazara alanyňda, bu alada has hem giňeýär. NATO we Ýewropa Bileleşigine agza döwletler muny geňeşmeli” diýip, Darçiaşwili aýdýar.

Ol muňa regionda köp ýurtlaryň garşy çykmagyna garaşýar: “Orsýetiň eline geçensoň, bu bir adaty ýarag däl. Öz howpsuzlygynyň, goranmagynyň aladasyny edýän her bir parahat ýurt bu barada şeýle pikir eder. Meniň pikrimçe, ýeke biz däl, bu söwda başga-da garşy çykan ýurt köp bolar”.

Bu ýarag söwdasy diňe Gürjüstany alada goýanok. Öten noýabrda Litwa hem Fransiýa hat ýazyp, bu barada köpräk maglumat sorady.

“Şular ýaly gämimiz bolan bolsady...”

Mistral söweş gämisi deňiz ýakasyna golaý ýerde labyr taşlap, gury ýere goşun salyp bilýär. Bular ýaly başarnyk Orsýetiň könelişen harby-deňiz flotunda ýok.

Uzynlygy 200 metre barabar bu gämi 900 esgeri, 16 dikuçary we ençeme tanky göterip bilýär.

“Öten ýyl Orsýet bilen Gürjüstanyň arasynda turan uruş döwründe şular ýaly gämimiz bolan bolsady, Gara deňizde has netijeli işleri edip bilerdik” diýip, Orsýetiň harby-deňiz flotunyň öten ýylky başlygy aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, Orsýetiň Gara deňiz flotunyň gämileriniň 26 sagatda edip bilýän işini fransuz gämisi 40 minutda bitirýär.

Düýn Birleşen Ştatlaryň Goranmak ministri Rober Geýts bilen Parižde duşuşan Fransuz Goranmak ministeri Herwe Morin öz ýurdunyň Ýewropanyň durnuklylygyna goşant goşmak isleýänligini aýtdy. Ol soň hem: “Men Merkezi we Gündogar Ýewropanyň käbir döwletleriniň aladasyna düşünýärin. Ýaralar entek bitenok” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
XS
SM
MD
LG