Sepleriň elýeterliligi

Berezowskiý Orsýetiň döwlet telewideniýesini Londonda suda berdi


Düýn Britaniýada bosgunlykda ýaşaýan asly orsýetli milliarder Boris Berezowskiý Aleksandr Litwinenkonyň öldürilmeginde özüni aýyplandygy üçin, Orsýetiň döwlet telewideniýesini hem-de Radio gepleşikler kompaniýasyny Londonda suda berdi.

Orsýetli ozalky razwedka ofiseri Aleksandr Litwinenko 2006-njy ýylda Londonda zäherlenilip öldürilipdi.

Boris Berezowskiý düýn Londonyň sudunda bu barada sözlän sözünde öz dostunyň ölüminde özüniň aýyplanmagynyň özi üçin uly urgy bolandygyny aýtdy.

2007-nji ýylyň aprelinde Orsýetiň döwlet telewideniýesinde ýüzüni efirde görkezmän, anonom ýagdaýda çykyş eden şahsyýet Boris Berezowskini Aleksandr Litwinenkonyň ölümini gurnanlykda aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG