Sepleriň elýeterliligi

Dagystanyň parlamenti ýurduň prezidentini saýlar


Şu gün Orsýetiň Dagystan respublikasynyň parlamenti respublikanyň täze prezidentini saýlamak üçin ses berişlik geçirer diýlip garaşylýar.

Hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Dagystan respublikasynyň prezidentiniň wezipesine uniwersitet professory Magomedsalam Magomedowyň kandidaturasyny hödürläpdi.

Deputatlar tarapyndan tassyklanan halatynda, Magomedsalam Magomedow 20-nji fewraldan soň Dagystanyň häzirki prezidenti Mukhi Aliýewiň ornuna geçer.
XS
SM
MD
LG