Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Birleşen Arap Emirliklerinde


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.

Saparyň ilkinji güni prezident Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň lideri Şeýh Halif Ben Zaýed Al-Nahaýýan bilen gepleşik geçirdi.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen prezidenti Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, ýurduň harby güýçleriniň Baş komanduýuşisiniň orunbasary Şeýh Muhammed Ben Zaýed Al-Nahaýýan we ýurduň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Şeýh Mansur Ben Zaýed Al-Nahaýýan dagylar bilen hem duşuşdy.

Bu duşuşyklarda taraplar iki ýurduň arasynda dowam edip gelýän hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar.

Prezident Berdimuhamedow özüniň bu saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň biznes toparlary bilen-de duşuşar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG