Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak sudy sözüni yzyna aldy


Düýn Gazagystanyň sudy prezident Nazarbaýewiň giýewsi Timur Kulibaýew barada habar serişdelerinde tankydy materiallaryň berilmegini gadagan ediji ozalky kararyny ýatyrdy.

Almaty şäheriniň hut şu Medeu raýon sudy geçen hepde Nazarbaýewiň giýewsi Timur Kulibaýew barada tankydy material çap edilen gazetleriň hemmesini konfiskirläp, Kulibaýewiň abraýyna zeper ýetiriji islendik materialyň gazet-žurnallarda berilmegini gadagan edýän karar çykarypdy.

Timur Kulibaýew bolsa özi barada tankydy material çap eden bu bäş sany garaşsyz, oppozision gazetiň bäşisinem suda berdi.

Şu hepdäniň başynda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy Gazagystandaky gazetlere garşy görlen bu çäreleri berk tankytlap çykyş etdi. ÝHHG guramasynyň media azatlygy boýunça ýörite wekili Mikloş Harazti bu gazetleriň suda berilmegini media garşy senzura girizmek ugrunda ädilen howply ädim diýip häsiýetlendirdi.

Düýn, 9-njy fewralda, bu tankydy beýanatyň yzy bilen Almaty şäheriniň Medeu raýon sudy Nazarbaýewiň giýewsini tankyt etmekligi gadagan ediji kararyny ýatyrdy. Mundan daşgary-da, sud Timur Kulibaýewiň gazetlere garşy suda eden şikaýatyny hem ýerliksiz hasaplap, oňa garamaklygy goýbolsun etdi.

Näme sebäp boldy?

Geçen hepde bu gürrüňi edilýän gazetleriň konfiskirlenmegine gazagystanly ozalky bankir, häzirki wagt Londonda ýaşaýan Muhtar Ablýazowyň prezident Nazarbaýewiň giýewsi Timur Kulibaýewi millionlarça dollarlyk korrupsiýada aýyplaýan çykyşynyň çap edilmegi sebäp bolupdy. M.Ablýazow öz çykyşynda Timur Kulibaýewi Hytaýyň ”Milli petrolium korporasiýasy” bilen birnäçe ýyl mundan ozal baglaşan bikanun ylalaşyklarynyň esasynda on millionlarça dollary kisesine uranlykda aýyplaýar.

Ablýazow özüniň bu baradaky beýanatyny Gazagystanyň Baş prokuraturasyna, şeýle hem ýurtdaky syýasy partiýalara we syýasatçylara hem gowşurypdyr.

Düýn Nazarbaýewiň giýewsi Timur Kulibaýew Astana şäherinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda özüne bildirilýän bu aýyplama boýunça gürlemekden saklandy: «Geliň, gowsy, muňa kommentariý bermäliň. Sebäbi bu baradaky şikaýata hukuk goraýjy organlary garamakçy. Şolar netije çykaranlaryndan soň, men bu barada gürrüň ederin».

Almaty şäheriniň Medeu raýon sudunyň düýnki çykaran kararynyň yzy bilen bu garaşsyz gazetlerden üçüsiniň, hususan-da, «Respublika», «Wzglýad» we «Swoboda slowa» gazetleriniň wekilleri Timur Kulibaýewiň özlerine garşy eden hereketleri üçin onuň özüni suda berjekdiklerini mälim etdiler.

Gazagystanyň ýüzüni gyzardana meňzeýär

Bu garaşsyz gazetlere garşy suduň çykaran ozalky karary Gazagystanyň häkimiýetleriniň ýüzüni gyzardana meňzeýär. Çünki şu ýylyň başyndan başlap, Gazagystan ozalky postsowet ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna ýolbaşçylyk edip başlady. ÝHHG guramasyna ýolbaşçylyga saýlanmazynyň öň ýany bolsa Gazagystanyň häkimiýetleri ynsan hukuklary bilen baglanyşykly edilen tankytlary inkär edipdiler.

Ýöne şu hepdäniň duşenbe güni ÝHHG-niň media azatlygy boýunça ýörite wekili Mikloş Harazti Gazagystany metbugat azatlygyny jylawlamak üçin ýurduň kanunçylygyny ulanmaga synanyşýar diýip tankytlady.

Bu baradaky tankytlaryň yzy bilen, şol gün giçlik, Gazagystanyň Ýokary sudunyň başlygy Musabek Alimbekow žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Almaty şäheriniň Medeu raýon sudunyň gazetlere garşy girizen gadagançylygyny tötänleýin bolan ýalňyşlyk hökmünde häsiýetlendirip, bu bolan wakany ýuwmarlamaga çalyşdy.

Bu dawalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolan Timur Kulibaýewe käbir synçylar prezident Nazarbaýewiň geljekki oruntutary hökmünde garaýarlar. Ol häzirki wagtda Gazagystanyň ähli energiýa kompaniýalarynyň üstünden gözegçilik ediji Samruk-Kazyna atly döwlet kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýär.
XS
SM
MD
LG