Sepleriň elýeterliligi

Obama Eýrana garşy täze sanksiýalaryň basym taýýar boljagyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýranyň ýadro programmasy sebäpli giriziljek täze sanksiýalaryň birnäçe hepdäniň içinde taýýar boljagyny aýdýar.

Obama «Eýranyň edepsizligi» netijesinde halkara jemgetçiliginiň Birleşen Ştatlaryň lideri bilen birleşendigini aýtdy.

Obama Eýranyň BMG-nyň goldaýan urany ýurt daşynda baýlaşdyrmak planyndan ýüz öwürmegi Tähranyň «ýaraglanmaga eltjek» ugra eýerýändigini subut edýär diýdi.

Obamanyň bu beýanaty Eýranyň döwlet metbugatynyň Tähranyň urany 20 prosente çeenli baýlaşdyrmaga başlandygy baradaky habaryndan soň edildi.
XS
SM
MD
LG