Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud britan hökümetine Guwatanama tussagy baradaky maglumaty açmagy buýurýar


Britaniýanyň Şikaýat sudy Guwantanamoda saklanan britaniýalynyň gynalandygy baradaky gizlin derňewiň üstüni açmaly etdi.

Efiopiýada doglan Binýamin Mohamed 2002-nji ýylda Päkistanda tussag edilip, Guwatanamo äkidilmeziden öň şol ýerde we Morokkoda gynalandygyny aýdýar. Ol geçen ýyl hiç hili aýyp bildirmezden azat edildi.

Şeýle-de ol britan häkimiýetleriniň özüniň edi ýyllyk tussag wagtynda gynalandygyny bilýändigini aýdýar.

Oktýabr aýynda sud häkimiýetleriň oňa nähili daralandygy baradaky gizlin amerikan dokumentlerini ile aýan etmelidigini aýtdy. Emma ýurduň daşary işler ministrligi bu kararyň milli howpsuzlyga zyýan ýetirjegini aýdyp, ondan şikaýat etdi.
XS
SM
MD
LG