Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan harbylary Roýtersiň yrakly suratçysyny boşatdy


Birleşen Ştatlaryň harbylary şu gün Roýtersiň yrakly suratçysyny hiç bir aýyp bildirmän azat etdi. Ol bir ýarym ýyla golaý tussaglykda saklandy.

Ibrahim Jassam Mohammed Roýtersiň ştatdan daşary foto hem wideo habarçysy bolup işleýärdi. Ol 2008-nji ýylyň sentbýarynda öz Bagdatdaky öýünde, amerikan hem yrak güýçleriniň reýdi mahalynda tussag edilipdi.

Geçen ýyl yrak sudy Jassamyň tussaglykda saklanmagy üçin subutnamanyň ýokdugyny aýtdy. Emma amerikan harbylary onuň howply bolmak ähtimallygyny öňe sürdiler.
XS
SM
MD
LG